Bazarda 20 ýyldan gowrak wagt bäri bolmak bilen, “Hasar” şereketi Türkmenistanda iň iri we has meşhur konditer önümlerini öndürijisi bolup durýar we şunuň bilen baglylykda jemgyýetçilik jogapkärçiligi şereketiň strategiýasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. “Hasar” HJ öz işgärlerine degişlilikde we tutuş jemgyýetde jemgyýetçilik jogapkärçiligi syýasatyny alyp barýar. Paýtagtdaky “Hasar” konditer fabrigi ilatyň has pes goraglylygy bolan gatlaklaryna ýardam bermek ugrynda birnäçe maksatlaýyn meýilnamalary ýylyň ýylyna durmuşa geçirýär, dürli guramalara hemaýatkärlik ýardamyny berýär, öz işgärleriniň çagalary barada dowamly alada edýär we üns berýär, şeýle-de haýyr –sahabat we jemgyýetçilik çärelerine gatnaşýar.
“Hasar” türkmen konditer şereketi hemişelik esasda çagalar öýlerine, şol sanda Maýyplara ýardam bermek merkezine, Türkmenistanyň Maýyplary sagaldyş we dikeldiş nerkezine, “Diýar” futbol toparyna haýyr sahabat kömegini berýär. Jemgyýetçilik taslamalaryna gatnaşmak bilen, konditer senagatynyň öňdebaryjysy bolan “Hasar” ulanyjylar üçin hakyky süýji durmuşy döredýär, has mätäç bolanlar üçin bolsa şatlygyň we hoşallygyň gaýtalanmajak duýgylaryny sowgat edýär.